Kupa Kızı ve Sinek Valesi [Turkmen translation]
Kupa Kızı ve Sinek Valesi [Turkmen translation]
Kartly pal atylanda ýazylypdyk biri-birimize
Ol owadan ýürek gyzdy,
Jibir waletdim men bolsa
Ýarygije, şol Penşenbe
Duşupdym köpriň üstünde
"Aglama" diýdim, ol aglady
Köpri germewlerinden düşende
"Saçyň ölmi
Ýa-da ýaşamagyň özi öl" diýdim,
"Seniň üçin şemalda hemişe ýagyş barmy?
Gözleriň bir ýere ilip galdymy
Ýa-da ýadadyňmy soraglardan?
Hiç geçmezmi gözleriňdäki bu güýz?
Bir garjagaz bol, gon dilimiň ujuna
Bir garjagaz, ere agzymda
Myjjykdy, eşigini çykardy, endamymy elledi
Biraz büdür-südür tenimde
Ýaşaýan öýjüklerimi tapdy
Bagtlydym, ol uklady; gujakladym samyrdanda
Tanamadyk atlarymy, ýanymda, ýapýalaňaç
Düýşümde guwançlydym, "Bilýärdim" diýýärdim
"Ynanmaly ekeni kartly pal atylanda"
Oýandym, seredip galypdyryn hyýaly bir barmagyň
Galdyran ýazgysyna, penjire aýnasyndaky gyrawa:
"Sag bol"
- Artist:Teoman
- Album:Teoman (1996)