Shape of My Heart [Turkmen translation]
Shape of My Heart [Turkmen translation]
Ol kartlary tesbi sanan ýaly garýar
We garşydaşlarynyň habaram ýok:
Ol utjak puly üçin oýnanok
Ol sylag-hormat üçin hem oýnanok
Kartlary garmagynyň sebäbi - jogap gözleýär
Şowuň mukaddes geometriýasyny ýüze çykarasy gelýär
Mümkin bolan netijäniň gizlin kanunyny bilesi gelýär
Tansy ugrukdyrýan sanlary bilesi gelýär
Men bilýärin - garahallar esgerleriň gylyçlary,
Men bilýärin - jibirler urşuň ýaraglary
Men bilýärin - kerpiçler şu eser üçin beriljek puly aňladýar
Ýöne meniň kalbymyň haly bular däl
Ol kerpiç waledi baryp biler
Ol garahal dama bilen basyp biler
Ol elindäki koroly gizläp biler
Herkim ony ýatdan çykaranda
Men bilýärin - garahallar esgerleriň gylyçlary,
Men bilýärin - jibirler urşuň ýaraglary
Men bilýärin - kerpiçler şu eser üçin beriljek puly aňladýar
Ýöne meniň kalbymyň haly bular däl
Men saňa söýýändigimi aýdan bolsam
Muňa ne döw çaldy, diyip pikir edip bilerdiň
Men iki ýüzli adam däl
Meniň ýüzümde diňe bir örtük bar
Hawa, köp gürleýänler zat bilenok
We şoňa düşünmek üçin tutuş ömri gidýär
Öz bagtyndan aşa köp ýerde nalaýanlaram şeýle
Gorkaklar-a hasabam edemok
Men bilýärin - garahallar esgerleriň gylyçlary,
Men bilýärin - jibirler urşuň ýaraglary
Men bilýärin - kerpiçler şu eser üçin beriljek puly aňladýar
Ýöne meniň kalbymyň haly bular däl
Meniň kalbymyň haly, kalbymyň haly bular däl
Meniň kalbymyň haly, kalbymyň haly bular däl
- Artist:Sting
- Album:Ten Summoners' Tales (1993)