Sen bolmasaň lyrics

Songs   2024-12-24 15:09:30

Sen bolmasaň lyrics

Mähriň bilen gurşadyň meň ömrümi sen,

Maňa bolan söýgiň aýlady meň başymy

Emma kynçylykly ykbalyň her bir öwrümi,

Ýaza öwürdiň sen sowuk gyşymy

Sen bolmasaň aglaýar ýüregim, zaryn!

Sen bolmasaň bu dünýäde maňa ýaşamak kyn!

Sen bolmasaň sensiz dogjak aýy-güni nädeýin bu jahanda?

Sen bolmasaň meň ýanymda?

Çyn söýgümiz boýun egdi ajy aýralyga,

Sen gitdiň meniň ýok bolan derdimi bar edip,

Seň gara gözlerňi gözüm düşmedi meň hiç,

Sen gitdiň meni öz mähriňe zar edip

Sen bolmasaň aglaýar ýüregim, zaryn!

Sen bolmasaň bu dünýäde maňa ýaşamak kyn!

Sen bolmasaň sensiz dogjak aýy-güni nädeýin bu jahanda?

Sen bolmasaň meň ýanymda?

Ýylgyrşyňy gabandym hat-da güllerden,

Seniň aýdan sözleriň meň ýüregime siňýär,

Gözleýärin seni aýdan günlerden,

Sen bolmasaň manysyz maňa bu gözel dünýä!

Sen bolmasaň aglaýar ýüregim, zaryn!

Sen bolmasaň bu dünýäde maňa ýaşamak kyn!

Sen bolmasaň aglaýar ýüregim, zaryn!

Sen bolmasaň bu dünýäde ýaşamak kyn!

Sen bolmasaň dogjak aýy-güni nädeýin?

Sen bolmasaň, meň ýanymda bolmasaň?

Sen bolmasaň?

See more
Myahri more
  • country:Turkmenistan
  • Languages:Turkmen
  • Genre:Dance, Electronica, Electropop, Folk, Pop, Pop-Folk
  • Official site:https://m.ok.ru/profile/568491039706
  • Wiki:https://tk.m.wikipedia.org/wiki/Mähri_Pirgulyýewa
Myahri Lyrics more
Excellent Songs recommendation
Popular Songs
Copyright 2023-2024 - www.lyricf.com All Rights Reserved