Fields of Gold [Turkmen translation]
Fields of Gold [Turkmen translation]
Meni ýatlarsyň günbatardan şemal öwsende
Arpa meýdanlarynyň üstünden
Gabanjaň asmandaky güni ýatdan çykararsyň
Gezemizde altyn meýdanlarda
Gyz magşugyny alyp gitdi
Arpa meýdanlaryna seredeli diýip
Onuň gujagyna girdi saçy ýaýylanda
Altyn meýdanlaryň arasynda
Meniň bilen bolarsyňmy, meniň söýgülim bolarsyňmy
Arpa meýdanlarynda?
Gabanjaň asmandaky güni ýatdan çykararys
Ýatamyzda altynlaryň içine
Günbatar şemaly aşyk ýaly hereket edýärdi
Arpa meýdanlarynyň üstünde
Dodagyndan ogşaňda gyzyň endamy galkynýardy
Altynlaryň arasynda
Hiçhaçan aňsat wada bermändim
Käbir wadalarymda durmandym
Ýöne ant içýän, ömrümiň galan günlerinde
Biz altyn meýdanlarynda gezeris
Biz altyn meýdanlarynda gezeris
Köp ýyllar geçdi, şol tomus günlerinden bäri
Arpa meýdanlaryndaky
Seret, çagalar ylgaýar gün batyp gelýärkä
Altyn meýdanlarynda
Meni ýatlarsyň günbatardan şemal öwsende
Arpa meýdanlarynyň üstünden
Gabanjaň asmandaky güne gürrüň berip bilersiň
Altyn meýdanlarda gezendigimizi
Altyn meýdanlarda gezendigimizi
Altyn meýdanlarda gezendigimizi
- Artist:Sting
- Album:"Ten Summoner's Tales" (1993)