Чёрное солнце [Chornoye solntse] [Turkmen translation]

Songs   2024-09-13 08:33:25

Чёрное солнце [Chornoye solntse] [Turkmen translation]

Gyrmyzy reňkler bilen dälilik gülledi

Goňşy älemde uruş turdy.

Deň bolmadyk söweşiň magnit meýdany

Ölüm howply tolkun ýaly bize tarap ýakynlaşýar.

Eger gara gün ýarylsa,

Bu durmuşda ähli zat çepbesine çöwrüler.

Adaty dünýä hiç haçan yzyna dolanmaz,

Ol dolanmaz.

Jaňy kakyp, howsala turuzýar

Erkinligimiziň gussaly ruhy.

Ýöne eşitmezler we kömek etmezler

Öli Hudaýlar.

Çäksiz gijede ýagtylyk çeşmeleri.

Ýyldyzlaryň ýylpyldysy - çilimiň uçgunjyklary.

Planetalar soňky dabaraly ýörişe başlady,

We herkim şowly petegini alar.

Eger gara gün ýarylsa,

Bu durmuşda ähli zat çepbesine çöwrüler.

Adaty dünýä hiç haçan yzyna dolanmaz,

Ol dolanmaz.

Jaňy kakyp, howsala turuzýar

Erkinligimiziň gussaly ruhy.

Ýöne eşitmezler we kömek etmezler

Öli Hudaýlar.

  • Artist:Bi-2
  • Album:Gorizont Sobytiy (Горизонт событий)
See more
Bi-2 more
  • country:Russia
  • Languages:Russian
  • Genre:Pop-Rock, Rock
  • Official site:https://bdva.ru/
  • Wiki:http://en.wikipedia.org/wiki/Bi-2
Bi-2 Lyrics more
Bi-2 Featuring Lyrics more
Bi-2 Also Performed Pyrics more
Excellent Songs recommendation
Popular Songs
Copyright 2023-2024 - www.lyricf.com All Rights Reserved